“Kapitan Amerika: Ajaýyp täze dünýä” blokbasteriniň ilkinji treýleri peýda boldy

  • 16.07.2024 14:57
  • 6.2k+

Marvel studiýasy “Kapitan Amerika: Ajaýyp täze dünýä” (Капитан Америка: Дивный новый мир) filminiň ilkinji tizerini hödürledi. “Ilkinji ar alyjy” baradaky franşizanyň dördünji bölüminiň premýerasy 2025-nji ýylyň 14-nji fewralyna meýilleşdirilýär.

Baş keşbi Entoni Maki ýerine ýetirýär, ol Marvel-iň öňki filmlerinde Sem Wilsonyň/Laçynyň keşbi bilen bellidir. Maki Kapitan roluny Kapitan Amerika baradaky öňki üç filmde we Ar alyjylar baradaky dört filmde ony ýerine ýetiren Kris Ewansdan aldy. 2019-njy ýylyň “Ar alyjylar: Final” (Мстители: Финал) lentasynda Stiw Rojers topar bilen hoşlaşýar we özüniň belli galkanyny Seme berip, geçmişe dolanýar.
Şeýle-de, kartinada Harrison Ford, Jankarlo Espozito we Tim Bleýk Nelson peýda bolar.
Treýlerde Sem Wilson (Maki) ABŞ-nyň Prezidenti Taddeus “Thunderbolt” Ross (Ford) bilen duşuşýar. Rodd Wilsona hökümet agenti bolmagy teklip edýär, şondan soň dartgynly ýagdaýlar ýüze çykýar.
Treýleriň ahyrynda franşizanyň täze gahrymany we Marvel komikslerinde “Thunderbolt-yň” alter-egosy bolan Gyzyl Halk peýda bolýar.
Kartinanyň režissýory hökmünde Julius Ona çykyş etdi.


düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......