Toyota içinden ýandyrylýan düýbünden täze hereketlendirijisiniň mümkinçiliklerini görkezdi

  • 17.07.2024 14:09
  • 13k+

Toyota kompaniýasynyň täze dört silindrlik benzin hereketlendirijisiniň işleýşini görkezýän wideo peýda boldy. Kompaniýanyň nygtamagyna görä, bu hereketlendiriji bu ugurda “oýnuň düzgünlerini düýpgöter täzelär”.

Täze hereketlendiriji 1.5 litr we 2.0 litr görnüşlerinde elýeterlidir.
Wideo Ýaponiýanyň Fuji Speedway ýaryş ýolunda düşürildi. Wideoda ulagy kompaniýada hereketlendirijileriň işlenip düzülmegine ýolbaşçylyk edýän Takaşi Uehara dolandyrýar. Ol  awtoulagyň dinamikasyny we hereketlendirijiniň sesini blogere görkezýär. Wideodaky ulagyň markasy gizlin saklanýar, ýöne Motor1 neşiri onuň Lexus IS bolandygyny çaklaýar.
Täze 1.5 litrlik hereketlendiriji, bar bolan 3 silindrlik hereketlendiriji bilen deňeşdirilende göwrümi, beýikligi we agramy boýunça 10% kiçi bolar. 1.5 litrlik hereketlendirijiniň turbo görnüşi häzirki 2,5 litrlik atmosfera hereketlendirijisinden göwrümi boýunça 20% kiçi bolar. Onuň beýikligi 15% gysgaldylyp, işjeňligi 30% ýokarlandyrylar.


düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......