Öňküden has güýçli we ýyndam Mersedes-AMG GT63 Pro 2025 hödürlendi

  • 16.07.2024 13:07
  • 6.8k+

Mersedes-Benz has güýçli, gowulandyrylan aerodinamikaly, hereketlendirijisi goşmaça sowadyjyly, tekerleri doly hereketli ulgamy almak bilen, ep-esli täzelenişe eýe bolan Mersedes-AMG GT63 Pro 2025 sport sedanyny hödürledi diýip, Motor1 ýazýar.

Täze model goşmaça 26 at güýjüni we 50 Nm tork almak bilen, umumy kuwwatyny 603 at güýjüne we 850 Nm torka çenli ýokarlandyrdy. Munuň netijesinde GT63 Pro 100 km / sag tizlige 3,1 sekuntda we 200 km / sag 10,9 sekuntda çykýar. Awtoulagyň iň ýokary tizligi sagatda 317 km.
Aerodinamikany we hereketlendirijini sowatmagy gowulandyrmak üçin awtoulagyň öň tarapyna howa deflektorlary, uly howa girişleri we işjeň howa paneli goşuldy. Şeýle hem, öň teker arkalarynda iki sany täze güýçlendirilen radiator oturdyldy. Täze howa deflektorlary we aşaky ganatlar, şeýle hem uly durnukly ganat gysyjy güýji  gowulandyrýar.

Mersedes-AMG GT63 Pro 2025-iň adaty komplektasiýasy karbon-keramiki tormozlar, süýüp ýasalan ýeňil diskalar we Michelin Pilot Sport 5 R tekerleri bilen enjamlaşdyrylan. Opsiýa hökmünde Michelin Pilot Sport Cup 2 R şinalary hödürlenýär. Şeýle-de, Pro-nyň adaty komplektasiýasyna AMG gidrawliki taýdan asylan podweska, yzky tigirleri ruldan dolandyryş, susak şekilli AMG Performance oturgyçlar hem-de interýerindäki we eksterýerindäki uglerod elementleri girýär.
Awtoulagyň bahasy entek aýan edilmedi.


22.04.2026 16:13
2.6k+

Mercedes-Benz 762 km ýol ätiýaçlygy bolan batareýaly C-klassyny tanyşdyrdy

Mercedes-Benz kompaniýasy doly elektrik güýjüne geçirilen C-klass sedanynyň täze neslini tanyşdyrdy. Bu model elektrikli GLC krossoweriniň tehnologiýalaryny we dizaýn elementlerini özünde jemleýär....

21.04.2026 11:09
3.8k+

Mercedes-Benz täze EQS 2027-ni hödürledi: onuň başlangyç bahasy 94 müň ýewro deň

Mercedes-Benz kompaniýasy täzelenen EQS 2027 elektrik sedanyny tanyşdyrdy. Bu täze modeliň iň uly üstünligi, WLTP aýlawyna görä bir gezekki zarýad bilen geçýän aralygynyň (ätiýaçlyk ýolunyň) 926 kilometre......

13.04.2026 00:35
7.4k+

Mercedes-Benz EQS modelinde rula derek şturwal bolar

Mercedes-Benz kompaniýasy özüniň flagman elektrokary bolan EQS modeli üçin täzelemeleri tanyşdyrdy. Bu model brendiň taryhynda ruly bilen tekerleriniň arasynda mehaniki baglanyşyk bolmadyk, ýagny «sim arkaly»......

03.04.2026 14:50
3.5k+

0,4 sekuntlyk dawa «Mercedes» toparyny meselä uçradyp biler

Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) «Ferrari» toparynyň şikaýatyndan soňra, Formula-1-de bäsleşýän «Mercedes» bolidini barlagdan geçirer. Bu barada AutoRacer neşiri habar berýär....