Universal we Illumination “Minýonlaryň” üçünji bölümini anons etdi

  • 15.07.2024 13:18
  • 1.8k+

Universal Pictures we Illumination “Minýonlaryň” (Миньоны) üçünji bölüminiň çykmagyny anons etdiler. Premýera 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna meýilleşdirilýär diýip, Variety habar berýär.

“Minýonlar-3-i” döretmek baradaky çözgüt “Ýigrenji men-4-üň” (Гадкий я-4) girdeji üstünliginden soň kabul edildi. Bu multfilm dünýä prokatynda eýýäm 230 mln dollardan gowrak girdeji gazandy.
Geljekki filmiň režissýory “Ýigrenji meniň” ilkinji üç bölümi we birinji “Minýonlar” bilen belli bolan Pýer Koffen bolar. Ssenariýany asyl multfilmleriň we “Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşynyň” üstünde işlän Braýan Linç ýazar. Prodýuserler hökmünde Illumination-yň esaslandyryjysy we baş müdiri Kris Meledanri we Bill Raýan çykyş eder.
2010-njy ýylda çykandan bäri “Ýigrenji men” we “Minýonlar” taslamalary jemi 5 mlrd dollar töweregi girdeji ýygnap, taryhda iň uly animasion franşiza öwrüldi. 2022-nji ýylda “Minýonlar: Grýuwitasiýa” premýera uik-endinde dünýä prokatynda birinji orny eýeledi we 4-nji iýul baýramçylyk gününde ABŞ-da 125 mln dollar ýygnap, rekord goýdy.


düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......