Awstraliýaly Jessika Hall 2000 metr aralygy 5 minut 20 sekuntda geçen ilkinji zenan boldy

  • 15.07.2024 11:43
  • 4.3k+

Monakoda Brilliant ligasynyň tapgyrynda awstraliýaly atletikaçy Jessika Hall 2000 metr aralygy 5 minut 19,70 sekuntda geçip, täze dünýä rekordyny goýdy. Bir zenanyň bu aralygy 5 minut 20 sekuntdan çalt geçmegi taryhda ilkinji gezekdir.

Ondan öňki rekordy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda 5 minut 21,56 sekunt bilen burundili Fransin Niýonsabe goýupdy.
27 ýaşly Hall Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, 1500 metr aralygy geçmekde 11-nji ýeri eýeledi. Şeýle hem, onuň Awstraliýada 5000 metr we ýapyk binada 3000 metr geçmekde rekordlary bar.
Şeýle-de bolsa, 2000 metr aralygyň Olimpiýa oýunlary üçin ýeterlik däldigini belläp geçmelidiris.


şu gün 10:24
3.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.9k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
8.1k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......