Toyota Land Cruiser 300 ýylyň ahyryna çenli täzelenme alar: nämeler üýtgär?

  • 16.07.2024 14:31
  • 10k+

Toyota şu ýylyň ahyryna çenli Land Cruiser 300 üçin täzelenme taýýarlar. BestCarWeb-iň berýän maglumatyna görä, awtoulagyň daş keşbi üýtgewsiz galyp, täzelenme esasan multimediýa we howpsuzlyk ulgamlaryna täsir eder.

Täzelenen Land Cruiser 300-de optiki priwod bolmaz. CD ýa-da DVD-niň ýerine HDMI interfeýsi bolar. Ýöne microSD ýat kartasynyň ýeri galar.
Awtoulagyň Toyota Safety Sense (TSS) ulgamy 3.0 wersiýasyna çenli täzelenme alar. Bu ulgam sürüjä kömek funksiýalaryny hem öz içine alýar. Şeýle hem Land Cruiser 300 täze kiberhowpsuzlyk talaplaryny kanagatlandyrmak üçin täzelenmeler alar.
Täzelenmäniň ulagyň bahasyny birneme galdyrmagyna garaşylýar. Täzelenen Land Cruiser 300-üň resmi tanyşdyrylyşy noýabr aýynyň başyna meýilleşdirildi.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......