CAREC Instituty direktoryň wezipesiniň boş iş orny barada bildiriş etdi

  • 14.07.2024 16:01
  • 5.6k+

Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) Instituty direktoryň wezipesiniň boş iş ornuna bäsleşik yglan etdi. Bu barada bildiriş "Türkmenistan" gazetinde çap edildi.

Direktor CAREC institutynyň ýolbaşçysy bolup, CAREC institutynyň Dolandyryş geňeşine hasabat berýär.
Direktor wezipesine kesgitlenen 2 ýyllyk möhlet bilen bellenilýär (2024-nji ýylyň noýabryndan 2026-njy ýylyň noýabryna çenli). CAREC institutynyň ştab-kwartirasy Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan uýgur awtonom sebitiniň Urumçi şäherinde ýerleşýär.
CAREC instituty ABŞ-nyň dollarynda tölenilýän, halkara derejesinde bäsdeşlik edýän aýlyk haklaryny, ýeňillikieri we kompensasiýa paketlerini hödürleýär.
Dalaşgärler Türkmenistanyň raýatlary bolmalydyr.
Dalaşgärler resmi hatyň ýany bilen arzasyny we öz şahsy maglumatlaryny 6.4min@fineconomic.gov.tm elektron poçtasyna iberip bilerler.
Arzany “CAREC institutynyň direktory wezipesine dalaşgär bolmak” diýip belläň. Arzalar 2024-nji ýylyň 5-nji awgustyna Türkmenistanyň wagty bilen 17:00 çenli iňlis dilinde ýazmaça görnüşinde tabşyrylmalydyr.
Arzalar seredilenden soň , iňlis dilinde söhbetdeşlik geçiriler.
CAREC instituty deň mümkinçilikli edara bolup, bu wezipä dalaşgär hökmünde aýal-gyzlaryň ýüz tutmagyny hem höweslendirýär.
Habarnama diňe saýlanan dalaşgärlere ugradylar.
Bu wezipä ýüz tutmak üçin salgylanma şertlerini we ýazmaça soraglary aşakdaky baglanyşyk arkaly ýükläp bilersiňiz.
Bäsleşik barada goşmaça maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....