Nirede öz islän dizaýnyňdaky batnik-kepkalary taýýarladyp, logotipiňi goýduryp bolýar?

  • 14.07.2024 11:36
  • 12k+

Siziň marketiňiz, dükanyňyz ýa-da önümçilik kärhanaňyz barmy?
Ýa-da hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýaňyzmy?
Işgärleriň egin-eşikleriniň talabalaýyk bolmagy müşderileriň ynamyny artdyrmaga, şonuň netijesinde hem olaryň sanyny artdyrmaga täsir edýän möhüm şertleriniň biridir. Arassa, göze gelüwli, kompaniýanyň ýa-da marketiň ady (logotipi) oturdylan egin-eşikdäki işgärler islendik müşderide oňyn täsir galdyrar.

“Elegant” tikinçilik kärhanasy sargyt esasynda söwda merkezleri, awtohyzmatlar, önümçilik kärhanalary üçin döwrebap dizaýnly egin-eşikleri - futbolkalary, batnikleri, kepkalary taýýarlap berýär.
Egin-eşikler Türkiýäniň ýokary hilli matalaryndan öndürilýär. Batnikler, futbolkalar göze gelüwli bolmak bilen bir hatarda, jana rahatdyr. Bu bolsa işiň bökdençsiz gitmegine täsir edýär.
Bu kärhana önümleriniň hiline, sargytlaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine, bahalarynyň amatlylygyna kepil geçýär.
Bu kärhanadan egin-eşikleri islendik dizaýnda sargyt edip bolýar. Ýakasynyň, ýeňleriniň oturşy, reňkler babatda kompaniýalara saýlamak üçin mümkinçilik bar. Indiwidual önümleri hem sargyt edip bolýar.

Sargydyň iň az mukdary – 50 sany.
“Elegant” tikinçilik kärhanasy sargyt berlenden soň, 2-3 günüň dowamynda bir sany görkezme görnüşini taýýarlap, müşderä ugradýar. Görkezme nusgasy üçin sargydy onlaýn görnüşde hem berip bolýar. Müşderi nusgany tassyklandan soň, sargydyň galan bölegi taýýarlanýar.
Diňe işgärler üçin däl, eýsem, müşderä-de sowgat
Logotipiň oturdylan futbolka-kepkalar diňe bir öz işgärleriň üçin iş eşigi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müşderiler üçin hem ýerine düşen sowgat bolup biler. Siziň logotipiňiz oturdylan futbolka-kepkany geýen müşderiler brendiň mahabatyny mugt ýaýradyjylar bolup biler.
“Elegant” tikinçilik kärhanasyndan sargyt edenleriň hatarynda – Täjir market, Şerbet market, Melek market, Hezzet market, Rysgal market; Supermax, Awtogüýç, Awtokent, Betek boýag, Shiwaki, Salkyn, Arakesme, Kuwwatly halal kompaniýalary we beýlekiler bar.
Öz logotipiňiz oturdylan batnikleri, futbolkalary we kepkalary sargyt etmek isleseňiz şu telefon belgisine jaň edip bilersiňiz:
+99365082347


düýn 18:22
5.1k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
2.8k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
3.9k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....