Golliwudda “Bir gysym dollar” filminiň remeýkiniň üstünde işlenilýär

  • 14.07.2024 09:39
  • 3.4k+

Kinematografiýada iň gowy filmleriň reýtingine goşulan Serjo Leoneniň “Bir gysym dollar” (“За пригоршню долларов”) westerniniň remeýkiniň üstünde işlener diýip, Deadline habar berýär.

Film Golliwudyň weteranlary Janni Nunnari (“300 spartaly”, “300 спартанцев”), Saýmon Horsman (“Hakyky jenaýat”, “Настоящее преступление”) we italýan prodýuseri Enso Sisti (“Ripli”) tarapyndan döredilen Euro Gang Entertainment kompaniýasy we filmiň asyl nusgasyny çykaran Jolly Film rim kompaniýasy tarapyndan surata düşüriler.
1964-nji ýylda düşürilen filmde Klint Istwud oýnady. Bu film spagetti-western žanrynyň başlangyjy boldy, şeýle hem meşhur “Birnäçe dollar köp” (“На несколько долларов больше”) we “Gowy, erbet, gaharjaň” (“Хороший, плохой, злой”) filmlerini öz içine alýan Leone trilogiýasynyň düýbüni tutdy.
Filmiň ssenaristi, režissýory we aktýorlary entek belli däl, ýöne taslamanyň iňlis dilinde boljakdygy habar berilýär.
“Bir gysym dollar” filminiň özi hem remeýkdir. Ol Akira Kurosawanyň “Goragçy” (“Телохранитель”) filminiň beýanydyr.


şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.6k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....