ChatGPT-ni döreden adam emeli aň esasly saglyk "tälimçisi" taslamasyny hödürledi

  • 12.07.2024 11:39
  • 2.8k+

OpenAI-niň baş direktory Sem Altman Arianna Haffington bilen bilelikde Thrive AI atly täze kompaniýa döretdi diýip, Gizmochina habar berýär.

Thrive AI ulanyjynyň ukusy, iýmitlenişi, hereketleri, stressi we jemgyýetçilik gatnaşyklary baradaky maglumatlary derňemek üçin emeli aňy ulanýar. Soňra şol maglumatlara esaslanyp, ulgam saglygy kadalaşdyrmak üçin aýratyn teklipleri berýär.
Kompaniýa Fitbit-iň öňki fitnes we saglyk bölüminiň başlygy DeKarlos Law ýolbaşçylyk eder. Thrive AI emeli aňly tälimçisini ylmy gözlegler, lukmançylyk maglumatlary we Stenford uniwersitetiniň Lukmançylyk mekdebi ýaly lukmançylyk edaralary bilen hyzmatdaşlyk arkaly işe taýýarlamagy meýilleşdirýär.
Kompaniýa şahsy saglyk tälimini hemmeler üçin elýeterli etmek isleýändigini mälim etdi. Thrive AI ýygnalan maglumatlara doly gözegçilik etmek bilen ulanyjy maglumatlarynyň howpsuzlygynyň we gizlinliginiň ähmiýetini nygtaýar.


25.05.2026 16:09
1.2k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

21.05.2026 16:20
4.5k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

17.05.2026 23:19
1.7k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......