Windows-yň Notepad programmasynda 41 ýyldan soň harp ýalňyş barlaýjy peýda boldy

  • 12.07.2024 11:03
  • 1.9k+

Windows-yň Notepad programmasynda orfografik (dürs ýazuw) barlag we awtomatiki düzediş funksiýalary peýda boldy. Täzelenme Windows 11-iň ulanyjylary üçin elýeterlidir diýip, The Verge habar berýär.

Bu funksiýa Word-daky orfografik barlaga meňzeş: ýalňyş ýazylan sözleriň aşagy gyzyl çyzyk bilen çyzylýar. Syçanyň sag düwmesini basanyňda düzediş görnüşleri hödürlenýär.
Microsoft bu funksiýalary 2024-nji ýylyň mart aýynda synagdan geçirip başlady. Notepad-a täze funksiýalaryň girizilmegi, geçen ýyl WordPad-yň Windows 11-den aýrylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Notepad 1983-nji ýylda döredilip, iki ýyldan soň Windows 1.0-iň bir bölegi boldy. Soňky döwür Microsoft oňa nyşanlary sanamak we gijeki režim ýaly täze funksiýalary goşup başlady.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
909

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...