FotoLab ykjam goşundysynda futbolka üçin suraty sanlyja minutlarda özbaşdak döredip bolýar

  • 12.07.2024 09:36
  • 5.6k+

Öň, FotoLab ykjam goşundysynda onlaýn görnüşde suraty ugradyp, futbolka çap etdirip bolýandygy barada habar beripdik. Indi bolsa FotoLab-da her bir adam futbolka çap etdirjek suratynyň dizaýnyny özi ykjam goşundyda döredip biler. Munuň üçin bar etmeli zat - telefonyňyzdaky ykjam goşundyny täzelemeli we ondaky konstruktordan peýdalanmaly. Häzirki wagtda ykjam goşundynyň diňe "Futbolkalara çap etmek" bölüminde öz dizaýnyňy ýasap bolýar, emma geljekde konstruktor funksiýasyny beýleki bölümlere hem goşmak meýilleşdirilýär.

Öz gaýtalanmajak stilini döretmek isleýänler üçin konstruktor funksiýasy futbolkalara çap etmek üçin özboluşly suratlary ýeňillik bilen döretmäge mümkinçilik berýär. Işgärler düzüminiň jebisligine ýardam etmek ýa-da öz brendini görkezmek isleýän kompaniýalar bolsa bu goşundynyň üsti bilen özleriniň firma brendini döredip bilerler. Bu iki ýagdaýda hem döreden suratyňyzy çap etmeklige ýüklemeli, gerek ölçegiňizi saýlamaly we çap etmäge ugratmaly. FotoLab-yň üsti bilen islän dizaýnyňyzy almak siziň öz eliňizde.
FotoLab bilen siziň döredijiligiňiziň çägi bolmaz. FotoLab bilen futbolkalara çap etmek üçin dizaýnlaryň ideýalaryny synag ediň!

Ýakynda FotoLab-da islendik suraty telefon çehollaryna we bokallara çap edip bolýandygy barada hem habar beripdik.
FotoLab ykjam goşundysy şeýle hem Aşgabadyň çäginde pasport, wiza, işe girmek, talyp şahsyýetnamasy, ygtyýarnamalar we şahsyýetnamalar üçin gerek bolan fotosuratlary gerek bolan ölçegde onlaýn sargyt etmek mümkinçiligini hödürleýär.
Has giňişleýin öwrenmek üçin
 wideo serediň.
FotoLab ykjam goşundysyny şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz:
Google Play we App Store


13.04.2026 17:59
4.1k+

«Gül Mebel» 30% arzanladyş yglan edýär

Öýüňiziň interýerini täzelemek isleýäňizmi? Onda siziň üçin gowy habar! «Gül Mebel» dükanynda 30% ARZANLADYŞ dowam edýär....

06.04.2026 11:49
17k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....

01.04.2026 18:38
13k+

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende,......

31.03.2026 12:06
1.9k+

«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär

«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin......