NASA "Gateway" ilkinji Aý stansiýasynyň dizaýnyny hödürledi

  • 10.07.2024 13:13
  • 2.8k+

NASA Ýer bilen Aýyň arasyndaky syýahatlarda ilkinji ulag geçelgesi bolup hyzmat etjek ilkinji Gateway Aý stansiýasynyň nähili boljakdygyny görkezdi diýip, Hi-Tech habar berýär.

Ýewropa kosmos gullugy, şeýle-de Kanada, Ýaponiýa we BAE bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzülen stansiýa birnäçe moduldan ybarat bolar.
Ýaşaýyş bölümi we logistika merkezi bolup hyzmat etjek HALO moduly stansiýanyň esasy elementi bolar. Şeýle hem, HALO awtonom enjamlar bilen enjamlaşdyrylar hem-de buýruk beriş we aragatnaşyk merkezi bolup hyzmat eder.
2028-nji ýylda HALO-a I-Hab moduly goşular, bu dört kosmonawt üçin niýetlenen aşhana, ýatylýan otag we kiçi sport zaly ýaly, goşmaça ýaşaýyş jaýyny öz içine  alar.
Şeýle hem, stansiýa robotlaşdyrylan Canadarm3 manipulýatory, PPE gün panelleri hem-de enjam we ýangyç saklamak üçin ulanyljak Lunar View moduly bilen üpjün ediler. Lunar View-i 2030-njy ýylda gurmak meýilleşdirilýär.
Gateway stansiýasyna ilkinji astronawtlar 2028-nji ýylda baryp görerler.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....