«Gladiator 2» filminiň ilkinji treýleri çykdy

  • 10.07.2024 10:24
  • 7.7k+

Paramount Pictures "Gladiator 2" filminiň ilkinji treýlerini çykardy. Film Ridli Skottyň 2000-nji ýylda çykan meşhur taryhy blokbasteriniň dowamydyr.

15-nji noýabrda çykmagy meýilleşdirilýän filmde wakalar birinji filmde bolup geçen wakalardan 25 ýyl soň ýaýbaňlanýar.
Sýužetiň merkezinde Lýusillanyň (Konni Nilsen) ogly we imperator Kommodanyň (Hoakin Feniks) ýegeni Lusiý durýar. Rim goşunlarynyň Lusiýniň ýaşaýan ýeri bolan Numidiýa çozmagy netijesinde ol ýesir düşýär we Rime äkidilýär. Ol ýerde gladiator bolmaly bolýar.
Filmde Pol Meskal, Pedro Paskal, Denzel Waşington we Jozef Kuinn surata düşdi. Konni Nilsen we Derek Jeýkobi öz rollaryna dolandy. "Gladiator 2" dartgynly söweş wakalaryny, syýasy dil-düwşükleri wada edýär.


düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......