“Ýigrenji men 4” multfilmi 5 günüň dowamynda 230 million dollar gazandy

  • 09.07.2024 22:51
  • 5.5k+

Geçen hepde premýerasy bolan “Ýigrenji Men 4” (“Гадкий я 4”) multfilmi ilkinji bäş gününde 230 million dollar girdeji gazandy. Illumination studiýasynyň animasion filmi halkara bazarynda 107 million dollar, ABŞ-da bolsa 123 million dollar gazandy diýip, Variety ýazýar.

Universal Illumination studiýalarynyň multfilm üçin bary-ýogy 100 million dollar çykdajysyny göz öňünde tutanyňda, bu diýseň täsir galdyryjy netijedir. 2024-nji ýylda iň köp girdeji gazanan Pixar we Disney-iň “Tapmaça 2” (“Головоломка 2”) filmi üçin bolsa, iki esse köp - 200 million dollar sarp edilipdi.
“Tapmaça 2”-niň geçen hepdede 30 million dollar gazanandygyny belläp geçeliň. Filmiň umumy girdejisi 1,2 milliard dollara ýetip, ol taryhda iň köp girdeji gazanan bäşinji animasion filmi boldy.
Emma “Ýigrenji men” animasion franşizasyny başga rekord bilen öwüp bolar. Grýu we Minionlar baradaky multfilmler seriýasy taryhda iň köp girdeji gazanan animasion franşizadyr. Onuň girdejisi 4,7 milliard dollara ýetdi (“Şrek” 4 milliard dollar bilen ikinji ýerde durýar). Franşiza üç bölümi, iki spinoffy we birnäçe gysga metražly filmleri öz içine alýar.
Umuman aýdanyňda, kinematografiýa kinostudiýalara gowy girdeji getirýär diýip, Variety ýazýar. Beýleki filmleriň geçen hepdäniň ahyryndaky (5-7-nji iýul) netijeleri muňa şaýatlyk edýär:

  • "Garfild" - 60 million dollar býujetinde 241 million dollar girdeji;
  • “Maýmynlar planetasynyň şalygy” (“Королевство планеты обезьян”)- 160 million dollar býujetinde 392 million dollar girdeji;
  • “Ýaramaz ýigitler ahyryna çenli” (“Плохие парни до конца”) - 100 million dollar býujetinde 360 ​​million dollar girdeji;
  • "Ümsüm ýer: Birinji gün" (“Тихое место: День первый”)- 68 million dollar býujetinde 178 million dollar girdeji.

Analitikler “Tüweleý 2” (“Смерчи 2”), “Dedpul we Rosomaha” (“Дэдпул и Росомаха”) we “Keseki: Romul” (“Чужой: Ромул”) ýaly beýleki tomusky blokbasterlerde hem ýokary kassa ýygymlaryny çaklaýarlar.


düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......