Türkmen suwda ýüzüjileri Musa Jalaýew we Aýnura Primowa Pariždäki Olimpiadada çykyş eder

  • 09.07.2024 21:57
  • 6.6k+

Ýakynda geçiriljek Pariždäki XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana iki suwda ýüzüji: Musa Jalaýew we Aýnura Primowa wekilçilik eder. Türgenleriň ikisi-de milli ýaryşlaryň ençeme gezek ýeňijileridir diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti habar berýär.

21 ýaşly Musa Jalaýew – Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby. Ol birnäçe dissiplinada Türkmenistanyň rekord eýesidir. Onuň iň gowy netijeleri: 800 metr erkin usulda – 9:19,15 (2021), 50 metr batterflýaý – 25,50 (2021), 100 metr erkin usulda – 51,63 (2023). Ol ýakynda Türkmenistanyň çempionatynda 200 we 800 metr aralyga erkin usulda, şeýle-de 100 metre batterflýaý usulda ýüzmekde iň gowy netijeleri görkezdi.
Pariždäki Oýunlarda Musa 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça deslapky ýaryşlarda çykyş eder.
Aýnura Primowa suwda ýüzmek boýunça Olimpiýa ýaryşlarynyň iň ýaş gatnaşyjylarynyň biri bolar. Ol 17 ýaşynda. 2023-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ol suwda arkanlygyna ýüzmekde üç milli rekordy goýdy: 50 m – 31,60, 100 m – 1:07,67, 200 m – 2:29,24. Türkmenistanyň soňky çempionatynda Primowa 50 we 100 metre erkin usulda, 100 we 200 metre arkanlygyna ýüzmekde ýeňiji boldy.
Olimpiadada Aýnura 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça çykyş eder.
Türgenler Olimpiada milli ýygyndynyň baş tälimçisi Dmitriý Nowikowyň ýolbaşçylygynda taýýarlanýarlar. Häzirki wagtda topar Gruziýada okuw türgenleşigindedir.
Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgusty aralygynda geçiriler.


şu gün 08:03
575

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......