McLaren sürmegiň elýeterli usuly: sport awtoulag öndürijisi skuter çykardy

  • 09.07.2024 11:01
  • 8.1k+

Iňlis sport awtoulag öndürijisi McLaren we elektrik skuter kompaniýasy Pure Electric täze elektrik skuterini döretmek üçin birleşdiler.

Pure x McLaren diýlip atlandyrylan täze önümde onuň agramyny ýeňil edýän (16,2 kg) alýumin çarçuwasy bardyr. Muňa garamazdan, ol 120 kg çenli ýüki göterip bilýär.
710 Wt elektrik hereketlendirijisi, skuteriň 25 km/s tizlige ýetmegine we bir batareýa zarýady bilen 50 km çenli ýol geçmegine mümkinçilik berýär.
Pure x McLaren IP65 goranyş derejesine eýedir, bu bolsa onuň ýagşa we batgalyklara garşy çydamlydygyny görkezýär.
Skuter üç reňkde elýeterlidir: McLaren ulaglarynyňky ýaly gara-mämişi – Papaya, gara – Black we sary-ýaşyl – Senna Special Edition.
Pure x McLaren skuterini 899 funt sterlinge (1150 dollar) sargyt edip bilersiňiz.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....