Azyk önümleri bilen seresaply işlemäge ukyply robot döredildi

  • 08.07.2024 15:28
  • 5.3k+

Massaçusetsiň Tehnologiýa Institutynyň (MIT) inženerleri azyk önümleri bilen işlemek üçin döredilen RoboGrocery robot ulgamyny hödürlediler diýip, TechCrunch ýazýar.

Robot kompýuter görüşi we önümlere zyýan ýetirmän saýlap, gaplamaga mümkinçilik berýän “ýumşak” tutawaç bilen enjamlaşdyrylandyr.
RoboGrocery ulgamy önümleriň görnüşini we ululygyny kesgitlemek üçin RGB-D kameralaryny, serwopriwodlary we seresaply datçikleri ulanýar. Kameralar çuňluk we reňk baradaky maglumatlary, tutawaçdaky datçikler bolsa obýektleriň basyşyny we deformasiýasyny ölçäp, berkligini kesgitlemäge mümkinçilik berýärler.
Synag wagtynda RoboGrocery ýumşak (üzüm, çörek, kelem) we gaty (konserw gaplar, gutular) önümleri ýygnap, gaplamak meselesini üstünlikli çözdi. Robot her önümiň ýagdaýyny seljerýär we ony ýerleşdirmegiň iň amatly usulyny saýlaýar.
RoboGrocery entek doly derejede işlenip düzülmedi, ýöne hünärmenler onuň azyk önümçiliginde, azyk harytlary dükanlarynda we galyndylary sortlamak ýaly dürli ugurlarda ulanylmak mümkinçiligini belläp geçýärler.


düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 07:37
2.4k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....