Internetde ogurlanan 10 milliard töweregi parol satuwa çykaryldy

  • 09.07.2024 21:25
  • 7.3k+

Internetde gizlin bazarda (darknetde) ulanyjylaryň ogurlanan 10 milliard töweregi parolynyň maglumat bazalary satuwa çykaryldy. Bu taryhda iň uly parol ýaýradylmasydyr.

RockYou2024.txt diýlip atlandyrylýan bu faýlda soňky ýyllarda dürli haker hüjümleri arkaly alnan 9 948 575 739 parol bar. Hünärmenler bu syzdyrylmanyň maglumat howpsuzlygyna düýpli howp salýandygyny belläp geçýärler, çünki köp adamlar dürli saýtlar we hyzmatlar üçin şol bir parollary ulanýarlar.
Syzdyrylan parollaryň haýsy çeşmelere degişlidigi belli däl, şonuň üçin olary diňe belli bir hasaplara girmek üçin ulanyp bolmaýar. Emma hüjümçilere hasaplary döwmek üçin maglumat bazalaryny gezekli-gezegine ulanmaga hiç zat päsgel bermeýär. Bu usul netijeli bolmasa-da, kompýuterleriň işleýşiniň ýokarlanmagyny we köp adamlaryň ýeňil parollary ulanmagyny göz öňünde tutmak bilen käbir ýagdaýlarda hüjümçiler üçin ähmiýetli bolup biler.
Cybernews-iň hünärmenleri hasaplary (akkauntlary) hakerlerden goramaga kömek etjek birnäçe maslahat berdiler:

  • Syzdyrylan parollar bilen baglanyşykly ähli hasaplaryň parollaryny derrew täzeden düzüň. Birnäçe platformada gaýtalanmaýan ygtybarly, adaty bolmadyk parollary saýlamak maslahat berilýär;
  • Mümkin boldugyça köp faktorly tassyklamany işjeňleşdiriň. Bu funksiýa paroldan daşary goşmaça tassyklamalary talap edip, howpsuzlygy ýokarlandyrar.
  • Çylşyrymly parollary döretmek we saklamak üçin parol dolandyryjy programma üpjünçiligini ulanyň. Parol dolandyryjylary dürli hasaplarda parollary gaýtadan ulanmagyň howpuny azaldýarlar.

09.03.2026 17:12
3.6k+

Valve kompaniýasy kiber-sport ýaryşlarynda «CS:GO» oýnuny ulanmagy gadagan etdi

Dust2.us neşiriniň habar bermegine görä, Valve kompaniýasy «Counter-Strike: Global Offensive» (CS:GO) boýunça kiber-sport turnirlerini geçirmäge mundan beýläk rugsatnama bermezlik barada karar kabul etdi. Mundan ozal Valve oýnuň nusgawy görnüşini «Counter-Strike 2-den» aýryp, «CS:GO» üçin ýörite aýratyn identifikator (App ID) döredipdi...

28.08.2025 07:09
4.7k+

Google Play-den 77 zyýanly programma aýryldy: olar 19 mln gezek ýüklendi

Google Play programmalar dükanyndan jemi 19 mln gezek gurnalan 77 zyýanly programma bozuldy. Howpy Zscaler ThreatLabs gözleg toparynyň hünärmenleri ýüze çykardy diýip, BleepingComputer neşiri ýazýar. Gözlegiň maglumatlaryna görä, ýüze çykarylan programmalaryň 66%-den gowragy mahabat görkezýän programmalardy...

29.03.2025 05:42
1k+

Microsoft öz kiberhowpsuzlygyny emeli aňa ynanar

Amerikanyň Microsoft kompaniýasy kiber howplardan goranmak maksady bilen  Security Copilot hyzmaty üçin emeli aň esasly 11 sany täze agentiň işe girizilendigini habar berdi. Täze AI gurallary wezipeleri awtomatlaşdyrmaga...

16.12.2024 14:40
4.9k+

"Team Spirit" topary Counter-Strike 2 ýaryşynda dünýä çempiony boldy we 500 müň dollar gazandy

Russiýanyň Team Spirit kibersport topary Counter-Strike 2-niň esasy ýaryşy bolan Perfect World Shanghai Major 2024-iň çempiony boldy diýip, Sports.ru habar berýär. Final 15-nji dekabrda Şanhaýda geçirildi, topar...