20-nji iýulda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar

  • 08.07.2024 11:46
  • 5.9k+

20-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar.
Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
39-19-20,
39-19-21.


düýn 20:54
1.4k+

Türkmen we german kompaniýalary hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara gol çekdiler

Frankfurtda geçirilen Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleriniň çäklerinde türkmen we german kompaniýalary maslahat beriş, logistika, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalarynyň üpjünçiligi ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler...

düýn 20:43
922

CIET 2025-de Germaniýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen ylalaşyklara gol çekildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatyň çäklerinde B2G formatyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Iri halkara kompaniýalaryň we ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen bu gepleşikler geljekki ylalaşyklar üçin berk binýady goýdy...

düýn 20:33
1.2k+

Awazadaky CIET 2025 halkara forumynyň birinji gününiň esasy netijeleri

3-4-nji noýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat gurluşyk, senagat önümçiligi, energetika, himiýa senagaty, ýol gurluşygy pudaklarynda ýurdumyzyň gazananlary, dünýä belli kompaniýalaryň ýöriteleşdirilen enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi...

düýn 14:46
6.8k+

Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady

Şu gün, 4-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + ABŞ» formatyndaky (C5+1) Sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Bu barada TDH habar berýär. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar...