BMW "X5-iň" eýesine gapysyny ýapanda alan şikesi üçin 1,9 million dollar öwez tölegini töledi

  • 07.07.2024 23:44
  • 17k+

Long-Aýlendiň (ABŞ) ýaşaýjysy Godwin Boateng awtoulagyň gapysyny ýapanda alan şikesi üçin BMW-den 1,9 million dollar öwez tölegini aldy. Bu barada The New York Post neşiri ýazýar.

2016-njy ýylda “ýumşak ýapylyş” (soft close) gapy ulgamy 70 müň dollara BMW X5 satyn alan adamyň sag eliniň başam barmagynyň işini gördi. Hirurglar barmagyň durkuny dikeldip bilmediler.
Boateng diňlenişikde tennis oýnamak, çemçe, wilka ýaly aşhana gurallaryny ulanmagyň we hat ýazmagyň täze usullaryny öwrenmek mümkinçiligini ýitirendigini aýtdy. Ol şikesli elini gizlemäge mejbur bolýar. Boatengiň aklawçysy BMW-ni ýalan sözlemekde aýyplady we kompaniýanyň “ýumşak ýapylyşyň” pidalarynyň sanyny azaldyp görkezýändigini aýtdy. Derňewiň dowamynda BMW dünýäde şuňa meňzeş wakanyň azyndan 44 sanysynyň ýüze çykandygyny boýun aldy.
Oturdaşlar bu wakada BMW-ni doly günäkär diýip hasapladylar. Kompaniýa şikes almagynda Boatengiň özüniň hem günäsiniň bardygyny öňe sürdi, ýöne kazyýet bu pikiri ret etdi. Ejir çekeniň aklawçysy BMW-niň ynsapsyzlyk edendigini we alyjysyny goramaýandygyny aýtdy.
Boateng kazyýet işiniň netijelerinden we öwezini doluş töleginiň mukdaryndan hoşaldygyny aýtdy.
Şeýle-de bolsa, gapylaryny göz öňünde tutmasaň, ony oňat awtoulag hasaplaýandygyny aýdyp, henizem öz BMW X5-ini sürüp ýör.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......