Awtoulaglar 7 ýylyň içinde 400 kg agraldy. Munda krossowerleriň we elektrik ulaglarynyň täsiri bar

  • 07.07.2024 23:41
  • 8.3k+

Soňky ýedi ýylyň içinde täze awtoulaglaryň ortaça agramy, takmynan, 400 kg agraldy. Bu barada Autocar-yň hünärmenleriniň derňewine salgylanýan “Awtonowosti dnýa” ýazýar.

Takmynan bir model siklinde - 2016-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli täze awtoulaglaryň ortaça agramy 1553 kg-dan 1947 kg-a çenli artdy.
Massanyň köpelmegi birnäçe faktorlara bagly bolup durýar:
Krossowerleriň meşhurlygynyň artmagy: adatça olar sedanlardan we hetçbeklerden has agyr. Mysal üçin, Skoda Kodiaq -yň agramy 1751 kg, bu bolsa onuň Skoda Superb-den 246 kg agyrdygyny aňladýar. Şonuň ýaly-da, Jaguar F-Pace şol bir 2,0 litrlik dizel hereketlendirijisi bolan XF-den 180 kg agyrdyr.
Elektrikleşdirilmegi: elektrikli ulaglar akkumulýatorlary sebäpli içinden otlanýan ulaglaryndan has agyr bolýar. 2023-nji ýylda olaryň ortaça agramy 1991 kg boldy, bu içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulaglardan 100 kg agyrdygyny aňladýar.
Howpsuzlyk talaplarynyň berkemegi: Howpsuzlyk standartlarynyň berkemegi awtoulag öndürijileri has güýçli materiallary we gorag ulgamlaryny ulanmaga mejbur edýär.
2024-nji ýylyň birinji çärýeginde synag edilen ulaglaryň ortaça agramy (köpüsi elektrik ulaglary ýa-da krossowerler) 2 087 kg boldy. Agramy 2899 kg bolan Mersedes-Benz EQS iň agyr elektrik krossoweridir.
Geçen ýyl synagdan geçen, agramy 1 065 kg bolan Alpine A110 R sport kupesi we agramy 1 352kg bolan benzin bilen işleýän Hyundai Kona krossoweri iň ýeňil awtoulag boldy.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......