Metacritic 2024-nji ýylyň iň gowy 20 serialyny saýlady: “Sugun çagasy”, “Fantazm”, “Sýogun”...

  • 08.07.2024 17:47
  • 7.9k+

Metacritic saýty serial ugrunda 2024-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijesini jemläp, iň ýokary baha alan 20 serialdan ybarat sanawy hödürledi.

Reýtingiň öňdebaryjysy 100 baldan 88 bal alan “Sugun çagasy” boldy. Komigiň bir aýal tarapyndan yzarlanmagy baradaky triller tankytçylardan we tomaşaçylardan iň ýokary baha eýe bolup, Netflix-iň garaşylmadyk şowly taslamasyna öwrüldi.

Üçlügi HBO-nyň “Fantazm” komediýasy we “Sýogun” taryhy dramasy jemleýär.

“Fantazm” Hulio Torresiň köp sanly komediýa sketçlerini bir umumy sýurrealistik waka birleşdirýän taslamasy bolup, ol Emma Stoun, Stiw Buşemi we Pol Dano ýaly meşhur aktýorlaryň keşpleri bilen öwnüp biler. “Sýogun” – Jeýms Klawelliň ýapon feodal söweşi baradaky romanynyň täze adaptasiýasy bolmak bilen, tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy we Hulu-da tomaşa rekordlaryny täzeledi.

Şeýle-de, iň gowularyň sanawyna Jerrod Karmaýkl barada dokumental taslama, “Iks adamlar ’97” multserialy we “Jenap Beýts vs poçta bölümi” dramasy girdi.

Metacritic-iň garaýşy boýunça iň gowy 20 serialyň doly sanawy şeýle görnüşde:

  1. “Sugun çagasy” («Олененок», 100 baldan 88 bal)
  2. “Fantazm” («Фантазмы», 87)
  3. “Sýogun” («Сегун», 85)
  4. “Jerrod Karmaýklyň realiti-şouwy” («Реалити-шоу Джеррода Кармайкла», 83)
  5. “Iks adamlar ’97” («Люди Икс ’97», 82)
  6. “Birahat düýşlerde: Pol Saýmonyň aýdym-sazlary” («В беспокойных снах: Музыка Пола Саймона», 80)
  7. “Mekdep-internaty” («Школа-интернат», 80)
  8. “Jenap Beýts vs poçta bölümi” («Мистер Бейтс против почты», 80)
  9. “Duýgudaş” («Сочувствующий», 80)
  10. “Nolli” («Нолли», 79)
  11. “Detroýtly Diarra” («Диарра из Детройта», 79) 
  12. “Ren Feýr” («Рен Фэйр», 79)
  13. “Bagtly bolan günümiz” («День, когда мы были счастливы», 78)
  14. “Uzyn kölege” («Длинная тень» (78)
  15. “Wins Steýplsiň şouwy” («Шоу Винса Стейплса», 77)
  16. “MeriLend” («МэриЛэнд», 76)
  17. “Bir gün” («Один день», 76)
  18. “Amerikan garabasmasy” («Американский кошмар», 76)
  19. “Ripli” («Рипли», 75)
  20. “Jenap we hanym Smit” («Мистер и миссис Смит», 75)

düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......