Altaýda bir är-aýal ýalňyşlyk bilen başga biriniň öýünde üç ýyl ýaşady

  • 07.07.2024 22:56
  • 19k+

Russiýanyň Altaý ülkesiniň Şipunowo obasynda bir maşgala başga birine degişli emlägi özüniňkidir öýdüp, onuň öýünde üç ýyllap ýaşapdyr. Wakanyň jikme-jiklikleri barada sebit kazyýetleriniň bilelikdäki metbugat gullugynda gürrüň berdiler.

2021-nji ýylyň maý aýynda är-aýal T.-lar Şukşina köçesiniň 16-njy jaýyny we oňa degişli ýer bölegini satyn alypdyr. Obanyň jaýlarynda  san belgi ýok bolansoň, är-aýal ýalňyşlyk bilen öz jaýlarydyr öýdüp, goňşy jaýa göçüp barypdyr we hatda onda abatlaýyş işlerini hem geçiripdir.
Jaýyň hakyky eýeleri är-aýal N.-ler öýlerinde nätanyş adamlaryň ýaşap oturanyny görüp, olardan jaýy boşatmaklaryny talap edipdirler. Emma T.-laryň  maşgalasy jaýdan çykmakdan boýun towlap, jaýlaryň belgisini çalyşmagy teklip edipdirler.
Taraplar dawany özara ylalaşyp çözüp bilmändirler we är-aýal N.-ler kazyýete ýüz tutupdyrlar. Şipunowskiý etrap kazyýeti T.-leriň maşgalasyndan jaýy boşatmagy talap edip, bu arzany kanagatlandyrypdyr. Jaýlaryň we ýer bölekleriniň belgileri öňküligine galypdyr.


03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.7k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.7k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....