Uelsde syýasatçylara ýalan sözlemegi resmi taýdan gadagan etmek meýilleşdirilýär

  • 07.07.2024 02:42
  • 8.8k+

Uelsiň häkimiýetleri syýasatda ýalan sözlemegi resmi taýdan gadagan etjek kanun taslamasyna serederler diýip, Telegraph habar berýär.

Kazyýet tarapyndan bilkastlaýyn aldawda günäkärlenen döwlet işgärleri saýlawly wezipeleri eýeläp bilmezler. Syýasatçy Adam Praýsyň öňe sürýän kanun taslamasy dünýäde ilkinji şeýle başlangyç bolar.
Bu başlangyjyň tarapdarlary onuň syýasatçylara ynamy dikeltmek we demokratiýany goramak üçin möhümdigini belleýärler. Olaryň aýtmagyna görä, ýalan syýasy sistema üçin howp döredýär.
Kanun taslamasyny 2026-njy ýylda geçiriljek indiki parlament saýlawlaryna çenli hödürlemek meýilleşdirilýär.


24.01.2026 16:30
3.3k+

Uelsdäki seýilgähiň aşagyndan gadymy Rim willasy tapyldy

Arheologlar Uelsiň Margam şäherindäki boşan seýilgähiň aşagyndan eldegrilmedik gadymy Rim willasyny tapdylar. Popular Mechanics-iň habaryna görä, gözlegçiler üçin uzak wagtlap näbelli bolan bu  açyş rim-britan döwrüne degişlidir...

09.05.2025 09:48
4.1k+

Uelsde soňky 400 ýylda ilkinji gezek ýabany samyr duşdy

Tebigatçy Iolo Uilýams Uelsdäki derýada ýabany samyra duşdy. Bu jandar Britaniýada soňky 400 ýylda ilkinji gezek göründi diýip, Bi-bi-si habar berýär. Samyrlar aw sebäpli bu sebitden ýitipdi, ýöne olaryň populýasiýasy soňky 20 ýylda dikelip başlady...

13.03.2025 17:35
5.4k+

Uelsli aktýor Maýkl Şin 900 adamyň 1 mln funt sterlinglik bergisini üzdi

Uelsli aktýor Maýkl Şin Uelsiň 900 ýaşaýjysynyň 1 mln funt sterlinglik bergisini üzdi. Olardan 100 müň funt sterling – onuň bergileri satyn almak boýunça kompaniýanyň döredilmegine gönükdirilen şahsy serişdeleri...

14.09.2024 10:16
6.1k+

Uelsde Disney gahrymanlary bilen bezelen jaý satuwa çykaryldy

Interýeri Disney studiýasynyň multfilmlerinden ylham alan jaý Uelsiň Denbişir graflygyndaky Ril şäherinde satuwa çykaryldy. Bu barada Sky News habar berýär. Bu özboluşly jaý filmleriň meşhur gahrymanlarynyň ägirt...