Täze dizaýnly Toyota RAV4-üň ilkinji suraty peýda boldy

  • 07.07.2024 02:38
  • 10k+

Toyota kompaniýasy meşhur krossower RAV4-i täzelemäge taýýarlanýar. Muny AutoHome portaly tarapyndan neşir edilen modeliň ilkinji yzarlanyp düşürilen suraty subut edýär.

Suratda täze radiator gözenegini, optikany we bamperi öz içine alýan üýtgedilen öň tarapyň dizaýny görkezilýär. Şeýle hem kuzowyň täzelenen yzky sütünleri göze ilýär.
RAV4-üň doly täzelenjekdigi ýa-da diňe gaýtadan işleniljekdigi belli däl. Şeýle-de bolsa, onuň häzirki modeli 2018-nji ýylda peýda boldy, şonuň üçin düýpli täzelenme hakda gürrüň gidýän bolmagy hem ähtimal.
Täze RAV4 häzirki platformasyny saklap, täzelenen hereketlendiriji gammasyny we tehnologiki taýdan has ösen salony alar diýip çak edilýär. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, täze modeliň önümçiligi şu ýylyň oktýabr aýynda başlap biler.
RAV4-den başga-da, Toyota ýakyn wagtda täze Selica sport awtoulagyny hödürläp biler. Onuň 2025-nji ýylda GR86 bilen Supra modelleriniň aralygynda peýda bolmagyna garaşylýar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......