Samsung çiplere bolan isleg sebäpli girdejiniň 13 esse ýokarlanmagyna garaşýar

  • 06.07.2024 23:26
  • 3.2k+

Samsung Electronics 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde girdejiniň 13 esse ýokarlanmagyna garaşýar. Operasion girdeji bir ýyl ozaky 486 mln dollar bilen deňeşdirilende 6,34 mlrd dollara ýetip biler diýip, IXBT ýazýar.

Ösüş 3,34 mlrd dollar möçberde girdeji almaga garaşýan ýarym geçirijiler bölüminde görkezijileriň gowulaşmagy bilen baglanyşyklydyr.
Oňyn dinamikanyň sebäbi ýokary öndürijilikli DRAM çiplerine, aýratynam, emeli aň programmalary üçin çiplere islegiň artmagy boldy. DRAM üçin bahalar 13-18%, NAND Flash çipleri üçin bolsa 15-20% ýokarlandy.
Umumy girdejä garamazdan, kompaniýanyň mobil biznesi pese gaçyşy görkezýär. Bölümiň garaşylýan girdejisi 1,6 mlrd dollar we bu geçen ýylyň görkezijisinden azdyr. Pese gaçyş çykdajylaryň we emeli aň hyzmatlaryna maýa goýumlaryň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly.
Samsung 10-njy iýulda Parižde täze Galaxy Z Fold 6 we Galaxy Z Flip 6 eplenýän smartfonlaryny hem-de mobil aksessuarlaryny hödürlär. Şeýle-de, kompaniýa saglyga gözegçilik etmek üçin niýetlenen täze akylly ýüzügi Galaxy Ring bilen tanyşdyrar.
Kompaniýanyň girdejiler barada has giňişleýin maglumatlary aýyň ahyrynda hödürlemegine garaşylýar.


24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.6k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....