UEFA “Siti” bilen “Žirona”, “MÝ” bilen “Nissa” ýewrokuboklara bilelikde gatnaşmaga rugsat berdi

  • 06.07.2024 18:44
  • 7k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) indiki möwsümde “Mançester Siti” bilen “Žirona” Çempionlar ligasyna, “Mançester Ýunaýted” bilen “Nissa” bolsa Ýewropa ligasyna gatnaşmaga rugsat berdi. Karar şol bir holdinglere degişli klublaryň düzümindäki üýtgeşmelerden soň kabul edildi diýip, UEFA-nyň resmi saýty habar berýär.

Guramanyň düzgünnamasyna laýyklykda, umumy eýesi bolan toparlar adalatly bäsdeşligi üpjün etmek üçin şol bir ýaryşa gatnaşyp bilmeýärler. Angliýanyň “Mançester Sitisi” we Ispaniýanyň “Žironasy” City Football Group futbol holdingine degişli, Ineos himiýa kompaniýasy bolsa “MÝ” bilen “Nissa” fransuz klubuna eýeçilik edýär.
Ýöne UEFA seredilýän toparlaryň ýolbaşçylarynyň olaryň gurluşyna zerur üýtgeşmeleri girizendigini göz öňünde tutdy. Hususan-da, üýtgeşmeler toparlaryň müdirler geňeşiniň düzümine, maliýe dolandyryşyna, şeýle-de paýdarlar we maýadarlar tarapyndan çäklendirmelere täsir etdi. Netijede, klublar ýewrokubok ýaryşlaryna gatnaşmaga rugsat aldylar.
Klublaryň öz üstüne alan borçnamalarynyň arasynda birek-birege oýunçylaryň hemişelik ýa-da kärendesine berilmegini gadagan etmek (häzirki şertnamalardan daşary), şeýle-de bilelikdäki tehniki we täjirçilik taslamalaryndan ýüz öwürmek bar.
“Mançester Siti” Angliýanyň premýer-ligasynda (APL) ýeňiş gazanyp, Çempionlar ligasyna saýlandy, “Žirona” bolsa ispan Premýerasynda dördünji orny eýeledi. “Mançester Ýunaýted” Angliýanyň Kubogynda ýeňiş gazanandan soň Ýewropa ligasynda orun aldy, “Nissa” bolsa fransuz Liga 1 ýaryşynda bäşinji orny eýelemek arkaly ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandy.


düýn 17:07
7k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.6k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.8k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.1k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....