ABŞ-nyň ilçisi Klimou Aşgabatdan ugrady, onuň wezipesini wagtlaýyn Waýda Widugiris ýerine ýetirer

  • 06.07.2024 18:38
  • 9.3k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu S.Klimou ABŞ-nyň wekili hökmünde öz işini tamamlap, şu gün Aşgabatdan ugrady. Ol 2019-njy ýylyň iýun aýyndan bäri bu wezipede işledi diýip, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynda TmCars-a habar berdiler.

Ilçi Klimowyň ýolbaşçylygynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Türkmenistan metan zyňyndylaryny azaltmak arkaly howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, halkara zähmet standartlarynyň kabul edilmegini öňe sürmek, söwda we daşary ýurt maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek, bilim we medeni alyş-çalyşlary berkitmek we Türkmenistanyň baý medeni mirasyny gorap saklamak ýaly köp ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk etdi.
Ilçi soňky bäş ýylyň dowamynda ABŞ-nyň Prezidentine we amerikan halkyna wekilçilik etmegiň onuň üçin adatdan daşary hormatdygyny belleýär.

“Hyzmatdaşlygymyzyň Ýüpek ýolunyň gadymy ýerlerini dikeltmäge, howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge, sebit howpsuzlygyny berkitmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we, esasan hem, adamlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga kömek edendigine buýsanýaryn. Aýalym bilen bilelikde Türkmenistanyň hoşniýetli hem jomart adamlary bilen eden gatnaşyklarymyz bizde ömrümiziň ahyryna çenli hazyna ýaly saklanjak ýatlamalary galdyrdy” - diýip, Klimou belleýär.

Ilçihanada bellemeklerine görä, ilçi Klimou mundan soňra Döwlet Departamentinde we NATO-da ýokary wezipelerde, şeýle hem ABŞ-nyň goşunynda serkerde hökmünde işlän döwrüni hem öz içine almak bilen elli ýyl dowam eden döwlet gullugy karýerasyndan hormatly dynç alşa çykar.
Klimowyň gitmegi bilen Işleri wagtlaýyn ynanylan wekiliň wezipesini ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Waýda Widugiris ýerine ýetirer.

 

 


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.9k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....