BTS K-pop toparynyň agzasy Fransiýada Olimpiýa alawyny göterer

  • 05.07.2024 15:22
  • 2.6k+

Günorta Koreýaly ýyldyz, meşhur BTS toparynyň agzasy Çin (hakyky ady Kim Sokçin) Parižde 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň açylyşynda alaw göterijileriň biri bolar diýip, Yonhap agentligi çeşmelere salgylanyp habar berýär.

Dabarada Çiniň peýda boljak takyk ýeri we wagty aýan edilmedi.
Iýun aýynda Çin Günorta Koreýada hökmany bolan gulluga gidip we gaýdyp gelen ilkinji BTS agzasy boldy.
Olimpiýa alawy Gresiýada ýakyldy we iýun aýynda Fransiýa getirildi. Alaw bir materik we 400-den gowrak şäherlerden geçip, 12 müň km gowrak ýol aşdy. Açylyş dabarasyna alaw 27-nji iýulda getiriler.
Olimpiýa alawy estafetasyna takmynan 11 müň alaw göterijiniň gatnaşjakdygy bellenip geçilýär. Estafeta futbolçy Didie Drogba, basketbolçy Toni Park, nasist konslagerinde aman galanlar, Nitsadaky terrorçylykly hüjümiň pidalary, kosmonawtlar gatnaşarlar.
Pariž Olimpiadasy 27-nji iýulda başlap, 11-nji awgusta çenli dowam eder. Jemi 206 ýurtdan 15 müňden gowrak türgen hasaba alyndy.


23.10.2025 09:54
5.3k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar

2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy italýan moda älemindäki meşhur dizaýner Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar diýip, WWD neşiri habar berýär. Dabara 6-njy fewralda Milanda “San-Siro” stadionynda we şäheriň beýleki ýerlerinde geçiriler...

17.05.2025 19:44
7.7k+

Los-Anjelesdäki Olimpiada-2028-de tomaşaçylary aerotakside gatnatmak meýilleşdirilýär

Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Archer Aviation kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga girdi. BBC-niň habar bermegine görä, esasy Olimpiýa desgalarynyň arasynda tomaşaçylary gatnatmak üçin howa taksisini ulanmak meýilleşdirilýär...

04.03.2025 21:11
5.4k+

Parižiň zikgehanasy poslan Olimpiýa medallaryny çalyşmak üçin 220 arza aldy

Parižiň zikgehanasy 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň medallaryny çalyşmak üçin 220 arza kabul etdi. Bu umumy medal sanynyň 4,5%-ine deňdir diýip, Frans Press agentligi habar berýär. Jemi diametri 85 mm we galyňlygy...

12.09.2024 14:30
5.8k+

Panasonic 36 ýyl hyzmatdaşlykdan soň Olimpiadanyň hemaýatkärleriniň hataryndan çykýar

Ýaponiýanyň elektronika öndürijisi Panasonic Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna hemaýatkärligini bes edýändigini yglan etdi. Çözgüt Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) bilen “giňişleýin maslahatlaşmadan” we hemaýatkärlik...