NASA Aýy we Marsy özleşdirmekde meýdança bolup hyzmat etjek Gateway stansiýasynyň 3D modelini görkezdi

  • 05.07.2024 14:21
  • 1.7k+

NASA geljekki Gateway Aý stansiýasynyň 3D modelini hödürledi. Ol Halkara kosmos stansiýasynyň (ISS) ornuny tutar we geljekde Aýda geçiriljek barlaglaryň hem-de Marsa boljak missiýalaryň meýdançasyna öwrüler diýip Mail.ru ýazýar.

Gateway-iň gurluşygy “Artemida-4” maksatnamasynyň çäklerinde 2028-nji ýylda başlanar. Ýewropa kosmos gullugy (ESA), Ýaponiýanyň JAXA gullugy we beýleki hyzmatdaşlar tarapyndan işlenip düzülen ilkinji modullar Aýyň orbitasyna eltiler we soňra işleýän kosmos desgasyny döretmek üçin birikdiriler.


Gateway durmuş üpjünçiligi ulgamy, hereketlendiriji we energiýa ulgamlary, şol sanda kuwwatly Gün panellerini öz içine alýan energiýa ulgamy bilen üpjün ediler. Onuň merkezi bölegi bolan “Ýaşaýşa we logistika gözegçilik nokady” (HALO) Ýer we Aý bilen aragatnaşygy üpjün eder, şeýle hem stansiýanyň ähli ulgamlarynyň dolandyrylyşyna gözegçilik eder.
Şol bir wagtyň özünde HKS öz wezipesini kem-kemden tamamlap barýar. NASA 2030-njy ýylda stansiýany orbitadan çykarmak barada SpaceX bilen ylalaşdy. Taslamanyň bahasy 843 million dollar diýlip çaklanylýar.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....