Gazagystanyň öňki goranmak ministri ŞHG-niň Baş sekretary bolar

  • 04.07.2024 20:17
  • 6.8k+

4-nji iýulda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitiniň jemi boýunça 2025-2027-nji ýyllarda guramanyň Baş sekretary wezipesini kimiň eýelejekdigi belli boldy.

Indiki Baş sekretar Gazagystanyň öňki goranmak ministri Nurlan Ýermekbaýew bolar diýip, Tengrinews.kz habar berýär.
Häzirki wagtda ŞHG-niň Baş sekretarynyň orunbasary wezipesini eýeleýän Ýermekbaýew 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan wezipä girişer we bu wezipede Hytaýyň wekili Çžan Miniň ornuny eýelär.
Nurlan Ýermekbaýew – Gazagystanyň döwlet işgäri, syýasy ylymlaryň kandidaty, 2018-2021-nji ýyllarda goranmak ministri, general-leýtenant harby derejesine eýe.
Gazagystan 2023-nji ýylyň iýul aýyndan bäri ŞHG-de başlyklyk edýär, Astana sammitinden soň başlyklyk etmek nobaty Hytaýa geçýär.


17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

17.06.2026 11:17
3.5k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

16.06.2026 19:44
2.3k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

26.05.2026 01:02
4.7k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......