ŞHG gutarnykly Jarnama gol çekdi: 2025-nji ýyl Durnukly ösüş ýyly diýlip yglan edildi

  • 04.07.2024 20:13
  • 4.6k+

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) 2025-nji ýyly Durnukly ösüş ýyly diýip yglan etdi. Bu barada 4-nji iýulda Astanada geçirilen sammitde ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan gol çekilen Astana jarnamasynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ŞHG-e agza döwletler nobatdaky ýyla tematiki statusy bermek däbine ýokary baha berýärler we muny möhüm ugurlara tagallalary gönükdirmek üçin netijeli gural hasaplaýarlar. 2024-nji ýylda ŞHG Ekologiýa ýylyny belledi.
Mundan başga-da, Astana jarnamasynda beýleki möhüm çözgütler hem bellenildi. ŞHG guramanyň howpsuzlygy we halkara tertibini berkitmek üçin şertleri döretmek meýlini kesgitleýän “Adalatly dünýä, ylalaşyk we ösüş üçin dünýä jebisligi barada” başlangyjyny goldady.
Resminamada ŞHG ýurtlary terrorçylyga we ekstremizme garşy hereket etmek, şeýle-de bilelikdäki tagallalar bilen radikal ideologiýalaryň, çydamsyzlygyň we diskriminasiýanyň ýaýramagynyň öňüni almak isleýändiklerini aýtdylar.
Jarnamanyň aýratyn bir bölümi BMG-niň reformasyna bagyşlanýar. ŞHG ýurtlarynyň liderleri guramanyň gurluşyny üýtgetmäge çagyrdylar.
Jarnamada Owganystana aýratyn üns berildi. ŞHG ýurtlarynyň ýolbaşçylary bu ýurduň parahatçylykly ösüşi üçin halkara tagallalaryny goldamaga taýýardyklaryny aýtdylar.
Şeýle-de, ŞHG ýurtlary kosmosyň parahatçylykly özleşdirilmegi ugrunda çykyş edip, bu ugurda ýarag ýaryşynyň öňüni aljak halkara şertnamanyň zerurdygyny bellediler.
Ýadro howpsuzlygy babatynda guramanyň agza ýurtlary ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk baradaky şertnama ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Jarnamanyň ýene bir aýratyn bölümi emeli aňy düzgünleşdirmek boldy. ŞHG ýurtlary bu tehnologiýanyň howpsuz, ygtybarly we adalatly ulanylmagyny üpjün etmek üçin bilelikde işlemek barada ylalaşdylar.
Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksady bilen ŞHG-niň agza döwletleriniň Ýörite iş toparyny döretmek kararyna gelindi.
Guramada başlyklyk Gazagystandan Hytaýa geçdi.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylyň 15-nji iýunynda esaslandyryldy. Ilkibaşda onuň düzümine alty ýurt – Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Täjigistan we Özbegistan girýärdi, 2017-nji ýylda Hindistan we Pakistan, 2023-nji ýylda Eýran goşuldy. Şu ýyl gurama Belarus Respublikasynyň goşulmak prosesi tamamlandy.


17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

17.06.2026 11:17
3.5k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

16.06.2026 19:44
2.3k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......