Türkmenistan intellektual eýeçilik pudagyna degişli hünärmenleri taýýarlamak boýunça WIPO bilen hyzmatdaşlyk edýär

  • 04.07.2024 16:20
  • 5.4k+

2-nji iýulda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň (UNOG) ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýew Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (WIPO) Baş direktory Daren Tang bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen WIPO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen geljegi uly ugurlar kesgitlenildi.
Hususan-da, intellektual eýeçilik pudagyna degişli Türkmenistandan hünärmenleri taýýarlamakda, bu ugurda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde, şeýle hem Türkmenistanyň BSG-ä girmeginiň çäklerinde tehniki kömegi bermekde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri bellenildi.
WIPO-nyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparyny guramak meselelerine aýratyn üns berildi diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri habar berýär.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....