Miçigan uniwersitetiniň talyplary NASA-nyň Aýa gonuş apparatyny döretmek boýunça  bäsleşiginde ýeňiji boldular

  • 04.07.2024 13:44
  • 3.6k+

NASA Aýa gonuş apparatyny (HuLC) döretmek boýunça ilkinji bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. ABŞ-nyň uniwersitetlerinden bäsleşige 12 topar gatnaşdy we Aý tozany meselesini çözmek boýunça taýýarlan konsepsiýalaryny hödürlediler diýip, IXBT habar berýär.

Miçigan uniwersitetinden “ARC-LIGHT” taslamasyny hödürlän  topar bäsleşigiň ýeňijisi boldy we 10 000 dollar möçberinde pul baýragyny aldy. Olaryň işi “howply ýerleri we traýektoriýany seljermek üçin Aýyň üstüni ygtybarly häsiýetlendirmegiň  algoritmine” gönükdirilendir.
Ikinji ýeri “HINDER” taslamasy bilen çykyş edip, 5000 dollar pul baýragyna mynasyp bolan Illinoýs uniwersitetiniň topary aldy. Olaryň işläp taýýarlan taslamasy “eroziýany azaltmak üçin nawigasiýa dinamikasynyň toplumlaýyn birleşdirilmegine” degişlidir. Kolorado uniwersitetiniň Boulderdäki topary Lunar Surface Assessment Tool (LSAT): Töwekgelçilikleri  derňemek üçin Aý tozanynyň dinamikasyny simulýasiýa etmek taslamasy bilen çykyş edip,  üçünji ýeri eýelediler we 3000 dollar möçberinde pul baýragyny aldylar.
Bäsleşik Aýa howpsuz gonulmagyny üpjün etmäge we enjamlary Aý tozanynyň täsirinden goramaga kömek etjek täze tehnologiýalaryň ösdürilmegine goldaw bermek maksady bilen guraldy. NASA bäsleşigiň netijelerini “Artemida” maksatnamasynyň çäginde Aýa iberiljek geljekki missiýalary işläp taýýarlamakda ulanmagy meýilleşdirýär.
Aý tozanynyň howpuny azaltmak geljekki Aý missiýalary üçin möhüm maksatdyr, sebäbi tozan enjamlara, astronawtlaryň saglygyna  zeper ýetirip biler. HuLC bäsleşigi arkaly teklip edilen çözgütler NASA-nyň bu kynçylyklary ýeňip geçmegine we adamyň Aýa üstünlikli baryp gelmegini üpjün edip biler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....