ABŞ-nyň Harby Howa Güýçleriniň aýdym-saz topary Aşgabatda konsert berdi

  • 03.07.2024 16:26
  • 20k+

ABŞ-nyň Harby Howa Güýçleriniň Merkezi Serkerdeliginiň aýdym-saz topary (AFCENT) bäş günlük sapar bilen Türkmenistanda boldular.

28-nji iýunda başlanan saparyň çäklerinde AFCENT sazandalary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussatlyk sapaklaryny geçirdiler, maýyplygy bolan çagalar üçin çykyş etdiler, olaryň "Berkarar" söwda-dynç alyş merkezindäki konserti bolsa müňden gowrak tomaşaçyny özüne çekdi. ABŞ-nyň ilçihanasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen amala aşyrylan bu saparyň dowamynda sazandalar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň orkestri bilen bilelikdäki aýdym-saz çäräsine hem gatnaşdylar diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölümi habar berdi.


Baş binasy Dohanyň golaýynda ýerleşýän AFCENT topary Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýa boýunça syýahat edýär. Sazandalar jemgyýetçilik konsertlerinde, mekdep ýygnaklarynda, harby çärelerde, ABŞ-nyň ilçihanalarynyň we ilçileriniň diplomatik kabul edişliklerinde çykyş edýärler.  Amerikan we halkara ýokary derejeli sazçylyk mekdeplerinde okan dünýä derejesindäki sazandalardan ybarat bolan AFCENT topary dürli diňleýjiler üçin çykyş edip, zehinlerini dürli aýdym-saz görnüşlerinde, şol sanda pop, rok, R&B, country, jaz žanrlarynda görkezmäge çalyşýar.


şu gün 10:07
7

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

düýn 20:16
1.5k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

düýn 16:07
4.4k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

düýn 14:40
1.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....