Kopa Amerika-2024: 1/4 finalyň jübütleri belli boldy

  • 03.07.2024 15:25
  • 16k+

ABŞ-da geçirilýän Amerikanyň Kubogy-2024 ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň tamamlanmagy bilen, dörtden bir final oýunlarynyň ähli jübütleri belli boldy.

3-nji iýulda irden (Aşgabat wagty bilen) D toparçada Braziliýanyň milli ýygyndysy Kolumbiýa bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady, Kosta-Rika bolsa Paragwaýy 2:1 hasabynda utdy. Bu netije braziliýaly we kolumbiýaly oýunçylara pleý-offa çykmaga mümkinçilik berdi.
Ýaryşyň dörtden bir finalynda duşuşarlar:

  • Argentina – Ekwador (5-nji iýul, Aşgabat wagty bilen 06:00-da başlaýar)
  • Wenesuela – Kanada (6-njy iýul, 06:00)
  • Kolumbiýa – Panama (7-nji iýul, 03:00)
  • Urugwaý – Braziliýa (7-nji iýul, 06:00)

Ilkinji iki jübütiň ýeňijileri birinji ýarym finalda, üçünji we dördünji jübütleriň ýeňijileri ikinji ýarym finalda duşuşar.
Çiliniň, Peruwyň, Meksikanyň, Ýamaýkanyň, ABŞ-nyň (ýaryşyň ýer eýeleri), Boliwiýanyň, Kosta-Rikanyň we Paragwaýyň milli toparlary ýaryşdan çykdy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......