Niderlandlar we Türkiýe Ýewro-2024-üň 1/4 finalyna çykdy

  • 03.07.2024 11:23
  • 9.6k+

Niderlandlaryň we Türkiýäniň mili ýygyndylary dört bir finalyň soňky iki gatnaşyjysy boldy.

Niderlandlylar Rumyniýany aňsatlyk bilen utdular – 3:0. Duşuşyk Mýunhende geçirildi. Kodi Gakpo gol geçirdi (20-nji minut) we kömekçi boldy, Doniell Malen iki gol girizdi (83, 90+3).
Gakponyň hasabynda indi Ýewro-2024-de üç gol bar, ol ýaryşyň iň gowy bombardirleriniň sanawynda Žorž Mikautadzeniň (Gruziýa), Jamal Musialanyň (Germaniýa) we Iwan Şransyň (Slowekiýa) yzyndan ýetdi.
Beýleki bir oýunda Türkiýäniň milli ýygyndysy Awstriýany 2:1 hasabynda utdy. Duşuşyk Leýpsigde geçirildi.
Türkiýe topary eýýäm 57-nji sekuntda öňe çykdy, Merih Demiral gol bilen tapawutlandy. Oýnuň ikinji ýarymynda toparlaryň ikisi-de gol geçirdi. Demiral 59-njy minutda ikinji goluny girizdi, awstriýalylardan Mihael Gregoriç tapawutlandy (66).
Belläp geçsek, Demiralyň ilkinji topy Ýewronyň pleý-off tapgyrynyň taryhynda iň çalt geçirilen gol boldy. Bu ýaryşda eýýäm birinji minutda geçirilen ikinji goldur – toparlaýyn tapgyrda albaniýalylar Italiýanyň derwezesine oýun başlanyndan 23 sekuntdan soň gol saldylar. Geçen 16 Ýewropa çempionatynda toparlaýyn tapgyrda-da, pleý-offda-da hiç kim birinji minutda gol geçirmändi.
Bu Türkiýe we Niderlandlar üçin 2008-nji ýyldan bäri Ýewro ýaryşynyň dörtden bir finalyna ilkinji gezek çykmadyr. Olaryň biri ýene öňe gider – şenbeden ýekşenbe gününe geçilýän gije (Aşgabat wagty bilen 00:00-da) olar özaralarynda oýnar. Üç sagat öň, 21:00-da Angliýa – Şweýsariýa oýny başlar.
Anna güni futbol muşdaklaryna iki güýçli oýun garaşýar: ilki Ispaniýa – Germaniýa (21:00), soň ýarygije Portugaliýa – Fransiýa oýny (Ronaldu vs Mbappe) geçiriler.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......