NASA “Döreýiş Sütünleriniň” arasy bilen wirtual uçuşyň wideosyny döretdi

  • 03.07.2024 11:31
  • 5k+

NASA Bürgüt ýyldyzlar toplumyndaky meşhur "Döreýiş Sütünleriniň" arasy bilen wirtual “uçmaga” mümkinçilik berýän täze wideony hödürledi. Animasiýa “Habble” we “Jeýms Uebb” kosmos teleskoplary arkaly alnan maglumatlaryň kömegi bilen döredildi.

Wideoda sowuk molekulýar wodoroddan we tozandan ybarat sütünleriň üç ölçegli gurluşy görkezilýär. Olar ýelleriň we içindäki ýaş ýyldyzlaryň şöhlesinden ýaňa weýran bolup gidýärler.
“Habble” görünýän ýagtylykda ýalpyldaýan zatlary surata düşürýär, Uebbiň infragyzyl kamerasy bolsa tozanyň içinde gizlenen sowuk zatlary we ýyldyzlary görmäge mümkinçilik berýär.
Wideo tomaşaçylara ýyldyzlaryň emele gelşiniň dürli tapgyrlaryny, şol sanda, protoýyldyzlary, jetli ýaş ýyldyzlary we ýaş ýyldyzlar tarapyndan çykarylan materiallary synlamaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, NASA göçürip alyp bolýan STL faýlyny çap etdi. Onuň kömegi bilen 3D printerde “Dörediş Sütünleriniň” modelini özbaşdak çap edip bolýar.
“Döreýiş Sütünleri” Ýerden 5700 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Bu sebit ýyldyz emele getiriş hadysalaryna şeýle bir baý welin, alymlar şeýle prosesler barada yzygiderli täze maglumatlary ýazga alýarlar, netijede bu ýyldyzlaryň ewolýusiýasynyň ilkinji ädimleri baradaky bilimleri takyklamaga mümkinçilik berýär.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....