Meşhur sirk kompaniýasy Cirque du Soleil öz kinostudiýasyny döredýär

  • 02.07.2024 16:16
  • 3.9k+

Kanadanyň sirk kompaniýasy Cirque du Soleil işini giňeldýär we öz kinostudiýasyny döredýär diýip, Deadline habar berýär.

Studiýa WWE Studios we CBS Television Studios işleri bilen tanalýan Sýuzan Lewison ýolbaşçylyk eder. Ol çeper filmlerden başlap animasion, dokumental filmlere we teleşüweleňlere çenli ähli taslamalara gözegçilik eder.
Cirque du Soleil studiýasynyň ilkinji taslamasy Las-Wegasda geçirilýän “O” (fransuz dilinden “eau”-suw) teleşüweleňine  esaslanýan film bolar. Film meşhur režissýor Ridli Skott we onuň kompaniýasy Skott Free tarapyndan dörediler.
Cirque du Soleil täze studiýasyna girdejilerini diwersifikasiýa etmegiň we göni ýaýlymlary ösdürmegiň usuly hökmünde garaýar.


düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......