Täze Microsoft Surface Pro 11 we Surface Laptop 7 kompýuterlerini bejermek has aňsat bolar

  • 01.07.2024 18:58
  • 4.6k+

Microsoft täze Surface Pro 11 we Surface Laptop 7 noutbuklarynyň abatlanylyşyny ep-esli gowulandyrdy.

Gajetleri derňemek we olaryň abatlaýyşa ýaramlylygyna baha bermek işleri bilen tanalýan iFixit-iň hünärmenleri Microsoft-yň täze önümlerine mümkin bolan 10 baldan 8 bal berdiler. Bu häzirki zaman inçe noutbuklarynyň arasynda alnan iň ýokary baldyr. Bu Apple-iň enjamlarynyň görkezijilerinden iki esse ýokarydyr.
Üstünligiň syry nämede?
Hakykatda, Microsoft SSD we batareýa ýaly, esasy komponentlere girmegi aňsatlaşdyrdy. SSD-ni aýyrmak kyn däl we Surface Laptop 7-niň batareýasyny aýyrmak üçin bolsa diňe arkasyndaky gapagyny açaýmaly.
Mundan başga-da, içerki böleklerde ýerleşen QR kodlar, nurbatlar we zerur gurallar baradaky maglumatlar bilen birlikde, abatlaýyş üçin jikme-jik görkezmeleri bolan Microsoft web sahypasyna eltýär.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.3k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....