Türkmenistandan haj zyýaratyna gidenleriň birinji tapgyry yzyna dolandy

  • 01.07.2024 15:46
  • 18k+

Musulman dünýäsiniň mukaddes şäherleri bolan Mekge we Medine şäherlerinde haj parzyny berjaý eden zyýaratçylaryň birinji tapgyry Türkmenistana dolandy. Zyýaratçylar yslamyň bäş parzynyň birini berjaý edip, Gurban baýramyndan soň ýurdumyza dolandylar diýip, THP habar berýär.

Zyýaratçylar Mekgede we Medine haj parzyny berjaý etmek üçin zerur bolan amallary ýerine ýetirdiler.
Zyýaratçylary Saud Arabystanyna eltmek üçin 10 sany ýörite awiagatnaw guraldy. Şu ýyl ýurdumyzdan 2890 adam Saud Arabystanyna iberildi.
Zyýaratçylaryň 289-sy üçin gidiş-geliş awiabiletleri döwlet tarapyndan mugt berildi.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

29.05.2026 08:03
7.7k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......