Porsche tormozyndaky kemçilik sebäpli dünýä boýunça 150 müň Taycan-y yzyna çagyrýar

  • 01.07.2024 13:46
  • 4.4k+

Porsche kompaniýasy öňdäki tormoz şlanglary sebäpli satylan Taycan elektrik ulaglarynyň hemmesini yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. AutoCar-yň ýazmagyna görä, yzyna çagyryş dünýä boýunça 150 000-den gowrak ulaga, şol sanda 2025 modeline hem degişlidir.

Kemçilik tormoz suwuklygynyň syzmagyna we tormozyň işleýşiniň peselmegine sebäp bolup biljek tormoz şlanglarynyň çat açmak ýa-da ýarylmak töwekgelçiligi bilen baglydyr.
Kemçiligiň ulaglaryň 1%-inden hem az bölegine degişli bolýandygyna garamazdan, Porsche müşderileriniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, satylan ähli Taycan-lary yzyna çagyrmak kararyna geldi. Näsaz şlangly ulaglaryň eýelerine olary mugt çalyşmak üçin söwda dellallaryna ýüz tutmak barada habar iberiler.
Kemçilikli ulaglaryň dolandyryş panelinde duýduryş çyrasy gyrpyldaýar. Kompaniýa modeliň eýelerine duýduryş çyrasy doly ýanan dessine ulag sürmegi bes etmegi we derrew söwda dellaly bilen habarlaşmagy maslahat berýär.
Porsche meseläni çözmek üçin eýýäm täze tormoz şlangynyň gurluşyny işläp düzdi. Bu eýýäm Taycan-yň 2024-nji ýylda ikinji gezek yza çagyryşydyr. Maý aýynda kompaniýa ýangyn döremek töwekgelçiligi sebäpli ulaglaryň uly bolmadyk toparyny yzyna çagyrypdy.


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......