“Tapmaça 2” dünýä prokatynda 2,5 hepdede 1 milliard dollar gazandy

  • 01.07.2024 13:21
  • 3.2k+

30-njy iýunda “Tapmaça 2-niň” (“Головоломка 2”) girdejisi ilkinji görkezilişinden soň iki ýarym hepdäniň içinde dünýä kassa ýygymynda milliard dollardan geçdi. Animasiýa filmi 14-nji iýunda çykdy.

Geçen hepdäniň ahyrynda Pixar-yň multfilmi 2024-nji ýylda iň köp girdeji gazanan film boldy – ol ýygymlarynda “Dýuna 2-den” (711 million dollar) geçdi. Şeýle hem ABŞ-da ýylyň iň köp girdeji gazanan filmi boldy. Filmiň býujeti 200 million dollar boldy, ol çykdajylaryny doly ýapdy we döredijilere diňe girdeji getirýär.
Sikweliň sýužeti Raýli atly bir gyzyň ýetginjeklik döwrüni başdan geçirişini gürrüň berýär. Onuň Şatlyk, Gynanç, Gorky, Gahar we Ýigrenç ýaly esasy duýgularyna täze - Alada, Göriplik, Tukatlyk we Çekinjeňlik ýaly duýgular goşulýar.
Filmiň dowamynyň iki hepdäniň içinde kassa ýygymlary boýunça birinji bölümden eýýäm geçendigini bellemelidiris. “Tapmaça” filminiň ilkinji bölümi dünýäniň kassa ýygymynda 857 million dollar gazandy.


düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......