Beýik Britaniýada mör-möjekleri surata düşürmek bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 01.07.2024 12:05
  • 7.8k+

Beýik Britaniýada Londonyň Korol Entomologiýa Jemgyýeti tarapyndan gurnalan her ýylky surat bäsleşigi tamamlandy. Onda ýorkşirli Lýuk Çembers özüniň “Ukudaky kuku-arylar” suraty bilen ýeňiji boldy, suratda iki sany kuku-ary otuň üstünde dynç alyp ýatyr.

“Uklap ýatan oňurgasyzlara duşmak – seýrek ýagdaý. Ýöne birbada ikisini görmek, onda-da biri-birine şeýle ýakyn ýagdaýda – bu nesibeli petegiň utmak bilen des-deň"- diýip, Çembers öz işini beýan edýärkä aýtdy.

Tim Jonasyň liçinkalarynyň suraty ikinji ýeri eýeledi.
Bäsleşigiň baş emini, doktor Tim Kokerill şular ýaly suratlaryň mör-möjekler dünýäsiniň dürlüligini we gözelligini görkezmekde möhümdigini aýtdy. "Hazir mör-möjekleriň köp görnüşiniň ýaşaýşyna çynlakaý howp abanýan döwürde, bu täsin suratlar ýygyndysynyň olaryň hakykatdanam hem gerekli we owadandygyny görkezer diýip umyt edýärin" diýip, ol belledi.

18 ýaşa ýetmedik suratçylaryň kategoriýasynda dynç alýan zolakly teneçiri surata alan, 17 ýaşly şwesiýaly Gustaw Parenmark ýeňiji boldy. Bu kategoriýada ikinji orny talaňçy çybynyň suraty üçin 8 ýaşly Jeými Smart eýeledi.

Dürli kategoriýalardaky baýraklar suratçy Abi Battene, Nikita Riçardsona, Tomas Robertse, Lila Çennere we Panaýotis Dalagiorgosa gowşuryldy.
Bäsleşik Beýik Britaniýada her ýyl geçirmek däp bolan mör-möjekler hepdeliginiň çäginde geçirildi.


düýn 19:18
2.2k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......