SpaceX-iň bäsdeşleri äpet Starship raketalarynyň ýygy-ýygydan uçurylmagyny bökdemäge synanyşýarlar

  • 01.07.2024 12:03
  • 4.1k+

Blue Origin we United Launch Alliance (ULA) kompaniýalary ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy müdirligine (FAA) Florida ştatyndaky  Kennedi adyndaky Kosmos merkeziniň uçuş toplumyndan Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasynyň  Starship raketasynyň uçurylyşynyň sanyny çäklendirmekligi talap edýän resminamalary tabşyrdy.

SpaceX-iň gönüden-göni bäsdeşi Jeff Bezosyň (Amazon-yň eýesi) Blue Origin kompaniýasy bortunda suwuk metanyň köp bolmagy sebäpli äpet Starship raketasynyň goňşy meýdançalara we golaýdaky raýat desgalaryna howp salýandygyny nygtady. Görkezilen ýygylykdaky uçuşlar bilen bilelikde ýollaryň ýapylmagy, degişli şäherleriň arasynda ulaglaryň hereketi üçin betbagtçylyk bolar.
Mundan başga-da, Tehasda Starship toplumynyň ilkinji synag goýberilişinde uçuş panelini örtýän beton bölekleri goňşy şähere ýetipdi we şeýle hadysalar sebäpli adamlaryň ýaralanmagy mümkin diýip, Blue Origin belleýär.
ULA (Lockheed Martin-iň we Boeing-iň golçur kompaniýasy) hem öz gezeginde goňşy uçuş meýdançalaryna abanýan howpdan başga-da, onuň daşky gurşawa ýetirýän zyýanyny görkezýär.
SpaceX Kennedi adyndaky Kosmos merkezindäki 39A meýdançany ýylda Starship-i 44 gezek uçurmak üçin ulanmagy meýilleşdirýär. Blue Origin we ULA munuň gaty köpdügini aýdýarlar we FAA-dan rugsat berlen uçuşlaryň sanyny azaltmagyny haýyş edýärler.
Ilon Mask bäsdeşleriniň hereketini jogapsyz goýmady.

“O diýen hakyky däl resminama. SpaceX-iň ösüşine kanuny ulanyp badak atjak bolmak, päsgel bermäge synanyşyk (üçünji gezek) ýaly, olara gelişmejek hereket"-diýip, ol özüne degişli sosial ulgamda ýazdy.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....