Ýewro-2024: Angliýa Slowakiýadan, Ispaniýa Gruziýadan üstün çykdy

  • 01.07.2024 10:37
  • 7k+

Angliýanyň milli ýygyndysy goşmaça goşulan 30 minutda 2:1 hasabynda Slowakiýany ýeňip, Ýewro-2024-üň 1/4 finalyna çykdy.

Gelzenkirhende geçirilen duşuşykda ilkinji bolup hasaby 25-nji minutda slowakiýalylardan Iwan Şrans açdy. Iňlisler ikinji ýaryma goşulan goşmaça minutlarda (90+5) hasaby deňläp bildiler. Üstaşyr goly Jud Bellingem geçirdi. Angliýa üçin bu urgy tutuş oýnuň dowamynda derwezäniň içine tarap urlan ilkinji urgy boldy.
Goşmaça goşulan 30 minudyň ilkinji minudynda Harri Keýn ýeňiş goluny geçirdi.
Çärýek finalda Angliýa 6-njy iýulda Dýusseldorfda Şweýsariýa bilen duşuşar. Öz gezeginde, Şweýsariýa Ýewropanyň häzirki çempionlary italýanlary ýaryşdan çykardylar (2:0).

1/8 final tapgyrynyň beýleki duşuşygynda Kýolnda Ispaniýa Gruziýany 4:1 hasap bilen utdy.
Gruziýaly futbolçylar 18-nji minutda hasaby açdylar. Ispaniýadan goragçy Roben Le Norman öz derwezesine gol geçirdi. Ispaniýa üçin bu gol şu gezekki ýaryşda ilkinji gezek geçirden goly boldy.
Ispaniýa birinji ýarymda Rodriniň tagallalary bilen hasaby deňledi (39-njy minut). Ikinji ýarymda ispaniýalylar üç gol geçirdiler: Fabian Ruis (51), Niko Uilýams (75) we Dani Olmo (83).
Çärýek finalda 5-nji iýulda Ispaniýa Ştutgartda Germaniýa bilen duşuşar. Ýer eýeleri 1/8 finalda 2:0 hasabynda Daniýadan üstün çykdylar.


düýn 16:49
4.9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.3k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
6.9k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.3k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....