NASA-nyň iň köne orbital apparaty ýubileýini adaty bolmadyk surat bilen belledi

  • 29.06.2024 23:44
  • 4.1k+

NASA-nyň Mars Odyssey orbital apparaty 2024-nji ýylyň 30-njy iýunynda Marsyň töweregine 100 000-nji aýlawyny belleýär. Bu wakanyň şanyna apparat Gün ulgamyndaky iň uly wulkanyň, Olimp dagynyň adaty bolmadyk suratyny aldy. Suratda wulkan, edil kosmonawt ony Gyzyl planetanyň daşyndaky orbitada görýän ýaly, gözýetime burçlaýyn düşürilipdir diýip, Universe Space Tech belleýär.

Mars Odyssey enjamy 2001-nji ýylda uçurylypdy we şondan bäri Mars hakda köp maglumatlary iberip gelýär. Ol planetanyň üstüniň global kartasyny düzdi, onuň astyndaky suw buzlarynyň ätiýaçlyklaryny tapdy, atmosferany we polýar papaklaryny öwrendi. Şeýle hem ol Marsda Spirit we Opportunity mars rowerleriniň ýygnan maglumatlarynyň 85%-ini Ýere iberip, olar üçin aragatnaşygyň aralyk geçiriji nokady bolup hyzmat etdi. Şeýle hem Mars Odyssey-iň maglumatlary Phoenix we Mars 2020 ýaly beýleki missiýalar üçin gonmaga ýer saýlamakda giňden ulanyldy.
Ep-esli ýaşandygyna garamazdan, apparat işlemegini we gymmatly maglumatlary ýygnamagyny dowam etdirýär. Geçen ýyl missiýanyň hünärmenleri Mars atmosferasynyň “keseligine” düşürilen şekillerini almak üçin ony täze režimde ulanmak kararyna geldiler. Olimp dagynyň suraty 11-nji martda infragyzyl diapazonda düşürilip, alymlara atmosferanyň düzümi, tozanyň we bulutlaryň paýlanyşy barada has köp zat öwrenmäge mümkinçilik berdi.
Iň soňky çaklamalara görä, Mars Odyssey-iň ýangyjy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli işlemäge ýeter.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....