Hindistan “Çandraýan-4” missiýasy üçin enjamyny kosmosda ýygnar

  • 29.06.2024 16:59
  • 3.5k+

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) Aýdan Ýere toprak nusgalaryny getirjek “Çandraýan-4” Aý missiýasynyň uçurylyşyna rewolýusion çemeleşmäni anons etdi. Adaty  uçuryşyň deregine, kosmos enjamy orbitada kosmosa aýratyn iberilen birnäçe bölekden ýygnalar diýip, IXBT habar berýär.

Şeýle çözgüt “Çandraýan-4-üň” ISRO-nyň bar bolan raketalary üçin has uly boljakdygy bilen baglanyşyklydyr. Orbitada ýygnama ýük göterijilik boýunça çäklendirmäni aradan aýyrmaga mümkinçilik berer.
ISRO eýýäm şu ýyla meýilleşdirilen Spadex missiýasynyň çäklerinde kosmosda modullaryň birleşmek tehnologiýasyny synagdan geçirýär.
“Çandraýan-4-den” başga-da, ISRO hususy kosmos stansiýasy “Bharatiýa Antarikş stansiýasyny” (BAS) döretmegiň taslamasyny taýýarlaýar. Ol hem orbitada aýry-aýry böleklerden ýygnanar. Stansiýanyň gurluşygyny 2035-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, ISRO geljekki kosmos missiýalary üçin, şol sanda BAS modullaryny uçurmak üçin esas bolup hyzmat etjek Next Generation Launch Vehicle (NGLV) raketasyny işläp taýýarlaýar.
Hindistan 2040-njy ýyla çenli Aýa adam ibermegi meýilleşdirýär, 2047-nji ýyla çenli bolsa öz Aý bazasyny döretmegi göz öňünde tutýar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.7k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....