BMG-niň Baş sekretary Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna saparyny amala aşyrar

  • 29.06.2024 16:05
  • 10k+

Şu gün BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparyna başlar. Ol Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Täjigistanda we Türkmenistanda bolar. Bu barada anna güni Nýu-Ýorkda geçirilen brifingde onuň metbugat sekretary Stefan Dýužarrik aýtdy.

Sapar 7-nji iýulda tamamlanar. Her ýurtda Guterriş döwlet Baştutanlary we ýokary wezipeli adamlar bilen duşuşar, şeýle-de howanyň üýtgemegine garşy göreş taslamalary bilen tanşar.
4-nji iýulda Astanada BMG-niň başlygy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar. Ol öz çykyşynda BMG-niň Düzgünnamasyna we Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasyna esaslanýan köptaraplaýynlyk ýörelgelerine ygrarlylygyň ähmiýetini bellär. Şeýle-de, Guterriş umumy howplar, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen göreşde geosyýasy gapma-garşylyklaryň ýaramaz täsiri barada alada bildirer.
Ýatlap geçsek, Guterriş 2017-nji ýylda bu sebite gelip gördi.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......